Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýa gitdi

01-12-2023 / 12

1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi. Saparyň maksady 30-njy noýabr — 12-nji dekabr aralygynda Dubaýda geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP-28) gatnaşmakdan ybaratdyr.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä howa sammitiniň plenar mejlisine gatnaşmagy we çykyş etmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz «COP-28» maslahatynyň çäginde guraljak beýleki çärelere gatnaşar we ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Ýeri gelende bellesek, 30-njy noýabrda Dubaýda badalga alan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna dünýäniň 140-dan gowrak ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle-de 70 müňden gowrak wekil gatnaşýar. Şolaryň hatarynda hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, iri işewürlik düzümleriniň wekilleri, bilermenlerdir žurnalistler hem bar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com