Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Günebakar – peýdaly ösümlik

01-12-2023 / 28

Ýurdumyzda günebakar ösümligini ýetişdirmäge uly üns berilýär. Günebakar bir ýyllyk ösümlikdir. Onuň uzynlygy 2,5 metre çenli ýetýär, kökleri 2-3 metr aşaklygyna uzalýar. Ýapraklary iri, tüýjümek bolup, ir bişýän görnüşleriniň her düýbünde 24 — 28, giçki görnüşlerinde 28 — 32 ýaprak bolýar. Ýapraklarynyň ululygyna garamazdan, kuwwatly kök ulgamy gurakçylyga çydamly bolýar.

Günebakardan ýokary hilli ösümlik ýagyny öndürmek bolýar. Onuň çigidiniň gabygyndan furulon we etilspirti alynýar. Çigitden boşan «kellelerinde» 3,5 — 4 göterim ýag, 5 — 8 göterim protein, 14 — 17 göterim kletçatka we az mukdarda fosfor, kaliý, kalsiý magniý bolup, olar mal iýmiti üçin giňden peýdalanylýar.

Günebakardan alnan ýaglar, esasan-da, azyk senagatynda ulanylýar. Azyk senagatyna ýaramaýan ýagyň galyndysyndan reňk, şem, halwa, sabyn, olif, linolium kleýonka alynýar, ýapraklary bolsa lukmançylykda derman öndürmek üçin peýdalanylýar. Türkmenistanyň şertlerinde günebakaryň birnäçe görnüşi uýgunlaşandyr we olar kesellere has durnuklydyr.

Günebakary ekmek üçin şor bolmadyk, golaýynda iki tarapy tokaý zolagy bolan ýerleri saýlap almaly. Çünki gülläp tohumlanýan wagty günebakar epgekden goralsa, kadaly tohumlanýar we dok tohum emele gelýär. Olaryň ekiljek ýerlerinde 25-27 santimetr çuňlukda güýz sürümi geçirilýär. Ir baharda tekizleýji agregatlar bilen tekizlenilýär. Soňra hatar arasy 60 — 70 santimetr bolan joýalar çekilýär. Dagetek ýerlerde, günebakaryň kökleriniň ýerleşýän toprak gatlagyndaky bar bolan zyýanly duzlardan ýuwmak üçin joýalar arkaly ýuwuş suwy tutulýar. Tekiz ýerlerde ilki pelleri çekip, ekişden öň bejergi üçin topragy ýeterlik yzgarlandyrmaly.

Ekiş suwundan soň, ýer taba gelen wagty çizel-kultiwator ýa-da diskaly borona bilen ýeri ýumşatmaly, boronamaly, malalamaly we topragyň ýylylygy 15 derejä ýetende tekiz ýere günebakar tohumyny ekmeli. Ýerde ýatan haşal otlaryň tohumlaryndan günebakar öň gögerýär we ösüş döwründe otlary basýar. Ol takyk tohum taşlanýan ekiji bilen hatar arasy 70 santimetr edip ekilýär, bir gektara harçlanmaly çigidiň mukdary 5 — 10 kilogram bolmaly. Ekişden 8 — 10 gün geçenden soň, günebakar gögerip başlaýar we 3 — 5 günüň dowamynda ýerdäki çigitleriň bary gögerýär.

Günebakar iýmit maddalary bugdaýdan we mekgejöwenden has köp talap edýär. Toprakda umumy azodyň kemterligi günebakaryň ösüş derejesini peseldýär. Azot toprakda artykmaç bolsa günebakaryň çigidi has giç bişýär, hasyly we çigidiň ýagy peselýär. Azodyň we fosforyň esasy möçberini günebakar güllän we «kelle» emele getirýän wagty özleşdirýär.

Taýýarlan: Ýangiljon PALÝAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com