Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Gadymyýetiň ýaňyndan…

01-12-2023 / 27

Gadymy Marguş döwletiniň taryhy barada söz açylanda, meşhur arheolog, Türkmenistanyň hormatly raýaty, akademik WiktorIwanowiç Sarianidi hakydaňda ör-boýuna galýar. Ol ömrüniň 60 ýyldan gowragyny Türkmenistanyň arheologiýa ýadygärliklerini öwrenmeklige sarp etdi. Alym-arheolog, esasan hem, Garagumuň çäge syrgynlarynyň astynda gömlüp galan, bürünç eýýamynyň Merkezi Aziýadaky iň uly şäheriniň — Goňurdepäniň üstüni açdy we tas 40 ýyllap şol ýadygärlikde giň gerimli arheologiýa gözleg işlerini alyp bardy.

Eýsem,bu syrly hem-de täsin ýurt nähili atlandyryldyka? Alymlaryň köpüsi onuň otparazlaryň mukaddes kitaby hasaplanylýan «Awestada» ady agzalýan Mouru, biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllygyň ortasyndaky meşhur Bisütün ýazgylaryndaky Marguşdygyna berk ynanýarlar. Taryhçylaryň adaty gürrüňçiliginde, pikir alyşmalarynda bolsa, «Marguş» we «gadymy Margiana» diýlen iki düşünje bir manyda ulanylýar.

Gazuw-gözleg işleriniň netijesinde miladydan öňki III müňýyllykda Murgabyň gadymy hanasynyň giňişliginde Mouru ýa-da Marguş ýurdunyň dörändigi we gülläp ösendigi aýan edildi. Ol Mesopotamiýa bilen Hind derýasynyň arasyndaky aralyk çägi eýelän, indi mälim bolmagyna görä, bütin Ýakyn Gündogaryň ykdysadyýetinde, şeýle hem medeniýetinde möhüm orny eýelän ýurtdur.

Murgabyň bol suwy ýuwaşlyk bilen öz ugruny üýtgedip çekilensoň, arheologlara suwsuz galan gum depeleriniň jümmüşinde, adam-gara ýaşamaýan takyrlykda Goňurdepeden başga-da, birnäçe ýadygärlikleriň üstüni açmak başartdy. Miladydan öňki II müňýyllygyň ortalarynda, ilatyň göçüp giden wagtlarynda onuň diňe beýik ymaratlarynyň ýerleşýän merkezi böleginiň özi 25 gektara golaý meýdany tutupdyr. Mundan başga-da, 10 gektar meýdany şäher gonamçylygy eýeläpdir.

Ozal mälim bolmadyk Marguş ýurdunyň açylmagy otparazlyk dininiň watanynyň hem Merkezi Aziýada, hususan-da, Margianada bolandygy hakyndaky täze nazaryýeti öňe sürmäge we esaslandyrmaga mümkinçilik berdi. Köp sanly ägirt uly köşkler, belent ymaratlar, baý şa gonamçylyklary, gadymy sungat eserleri özleriniň geň galdyryjy täsinlikleri bilen, bu ýerde ozal mälim bolmadyk dünýä medeniýetiniň gadymy merkeziniň bolandygyna şaýatlyk edýär.

Wiktor Sarianidiniň irginsiz gözlegleriniň netijesinde tapylan, ozal mälim bolmadyk, gadymy Gündogar şäheriniň harabalygyna syýahat edenleriň sany häzire çenli, gör, näçe müňe ýetendir?! Bu ýere gelmäge höwesek jahankeşdeleriň sany ýylsaýyn artýar. Sebäbi geçmiş, taryh bilen içgin gyzyklanýanlaryň ählisi rowaýata meňzeş şäheri öz gözleri bilen görmek isleýär. Garagumuň çägesiniň astynda gizlenip ýatan Goňurdepe galasy dört müň ýyldan soňra özüniň özboluşly beýik medeniýetini bütin dünýä äşgär etdi.

Ýunus ESENOW,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com