Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

COP-28: ekologik abadançylygyň ählumumy tagallasy

01-12-2023 / 19

Şu ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň (COP-28) 28-nji maslahaty geçirilýär. Maslahata Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. 

Bilşimiz ýaly, jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşi daşky gurşaw bilen berk baglanyşyklydyr. Olaryň özara sazlaşygynyň saklanylmagy adamzadyň durnukly geljeginiň girewidir. Sebäbi senagat pudaklarynda, şol sanda himiýa önümçiliginde esasy harytlyk önüm bilen bir hatarda, galyndylar hasaplanýan dürli maddalar emele gelýär. Olar gaz, ergin we gaty görnüşdäki birleşmeler bolup, howanyň, suwuň hem-de topragyň hapalanmagyna getirýär. Meselem, biosfera ýylda ägirt köp mukdarda uglerodyň, kükürdiň, azodyň oksidleridir beýleki maddalar zyňylýar. Bu ýagdaý howanyň üýtgemegine, dürli tebigy betbagtçylyklaryň döremegine getirýär.

Häzirki wagtda ýangyç hökmünde, esasan, tebigy gaz, nebit önümleri, kömür we beýleki uglerod saklaýan çig mal serişdeleri ulanylýar. Olar ýakylanda, daşky howa üçin zyýanly kömürturşy gazy (CO2) we beýleki gazlar emele gelýär. Şeýle parnik gazlarynyň zyňylmagy ozon gatlagynyň dargamagyna, netijede, howanyň üýtgemegine getirýär. Dünýäde howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça dürli möhüm çäreler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2019-njy ýylda tassyklanan Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa laýyklykda, Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça resminama işlenip taýýarlanyldy.

Häzirki wagtda ozon gatlagyny goramak babatda pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly işlere uly üns berilýär. Çünki wodorod gazy ýangyç hökmünde ulanylanda, daşky gurşaw üçin zyýansyz suw emele gelýär. Şunuň bilen baglylykda, energiýa ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlardan ugur alnyp, geçen ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» tassyklanyldy. Bu resminama ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen milli wodorod energetikasy pudagyny döretmek üçin giň strategik maksatlarydyr çäreler toplumyny öz içine alýar.

Bilşimiz ýaly, noýabr aýynyň dowamynda geçirilen Hökümet mejlislerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, Dubaýda geçirilýän «COP-28» maslahatyna gatnaşmaga düýpli taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklary berdi. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde sammitde kabul ediljek resminamalar seljerildi hem-de şolaryň birnäçesine Türkmenistanyň goşulmagy teklip edildi.

Howa boýunça sammitleriň taryhynda iň köp wekil (70 müňden gowrak) gatnaşýan maslahat hökmünde ykrar edilen «COP-28-iň» gün tertibi howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň halkara maliýe binýadyny güýçlendirmek, bu ugurdaky hereketleri maliýeleşdirmekde hususy pudagy höweslendirmek; zeper we ýitgi gaznasynyň işini işjeňleşdirmek; azyk howpsuzlygyny üpjün etmek; suw meselelerini netijeli çözmek ýaly ugurlary öz içine alýar. Plenar mejlisler bilen birlikde, iki hepdäniň dowamynda howa meselelerine bagyşlanan ugurdaş çäreleriň hem ýüzlerçesi geçiriler.

Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,
TOHI-niň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com