Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Meşhur aýdymçynyň üstünligi

30-11-2023 / 16

Meşhur aýdymçy Taýlor Swift «Billboard Music Awards» baýragyna 20 ugurda hödürlenip, şolaryň 10-na mynasyp boldy diýip, «billboard.com» saýty habar berýär. Şeýlelik-de, ol «Ýylyň aýdymçysy», «Iň gowy zenan aýdymçy» hem-de «Billboard 200-iň arasynda iň gowy aýdymçy» adyna eýe bolmagy başardy.

Häzirki wagtda Swiftde jemi 39 heýkeljik bolup, ol bu görkezijide rekordyň eýesi bolan repçi Dreýk bilen deňleşmegi başardy. Dabarada iň köp baýraga sazanda Morgan Wollen mynasyp bolup, oňa 11 heýkeljik gowşuryldy. «Billboard Music Awards» baýragynyň ýeňijileriň doly sanawy «Billboard» -yň web sahypasynda ýerleşdirilendir.

Merjen ANNAGURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Senagat tehnologiýalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com