Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

1-nji dekabr — AIDS-e garşy Bütindünýä göreş güni

Howply wirus

30-11-2023 / 30

Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji dekabrynda AIDS-e garşy Bütindünýä göreş güni  bellenilip geçilýär. Keseli dörediji wirus Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan tassyklanan AIW (adamyň immun ýetmezçiliginiň wirusy) diýlip atlandyrylýar. AIW-ýokanjy adamyň immunitetiniň özboluşly zeperlenmegi netijesinde immun ýetmezçiliginiň ýüze çykmagy bilen döreýär. Wirus adam bedeniniň  ähli   biologiki  suwuklyklarynda  bolýar.

Wirus bedene aralaşandan soň, onuň mikroorganizmlere garşy durnuklylygyny  adam bedeninden ýok edýär. Bedende immunitetiň gowşamagy netijesinde  B we G wirusly gepatitler, inçekesel, ýokary dem alyş ýollarynyň keselleri ýaly keselleri örän çalt kabul edýär  we esasan, şolaryň üsti bilen kesel  ýüze  çykarylýar. Ýöne AIW- ýokanjynyň wirusy bedene aralaşan dessine keseliň mahsus alamatlary ýüze çykmaýar. Onuň  wirusyny  göteriji  özüniň bu derde ýolugandygy  bilmeýär we özüni sagdyn hasaplaýar. Keseliň ilkinji alamatlarynyň  ýüze çykmagy üçin  2-6 ýyla çenli wagt gerek bolýar. Kähalatlarda bolsa  bu döwür 5-10 ýyla çenli hem uzap bilýär. Şonuň üçin hem  şu döwürde  beýleki adamlara keseliň ýokuşmak howpy has uludyr.

Entek kesel ýaýbaňlanyp başlamanka, agyr ýagdaýlar ýüze çykmanka wirusyň ýokuşandygyny anyklamak başardýar. Ýagny AIW ýokanjynyň ýokuşandygyny güman etmäge esas berýän ýagdaýlar hapa şprisiň, päkiniň, dyrnak taraşlaýjy gurallaryň, diş şotkasynyň şärikdeşlikde ulanylmagy, tene iňňe sanjylyp, surat çekilmegi, halka dakmak maksady bilen gulaklaryň, burnuň deşilmegi, öý şertlerinde dişleriň sogrulmagy  ýaly ýagdaýlar ýüze çykanda ganyň barlagyny geçirmek üçin lukmana ýüz tutmak hökmanydyr. Munuň özi  ganyň barlagynda AIW-ýokanjynyň ýaýbaňlanyp başlamanka we agyr ýagdaýa geçmeginiň öňüni almaga örän ygtybarlydyr.

Dursenem JANBAÝEWA,
Lebap welaýat Gan bankynyň laborant lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com