Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Kuraş boýunça dünýä çempionaty üstünlikli jemlendi

29-11-2023 / 15

28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty milli sportumyzyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýaryşyň iki gününiň netijeleri boýunça türkmen türgenleri erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8, jemi 15 agram derejesinde 15 medal gazandylar. Çempionatyň birinji gününde türgenlerimiz 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazanmagyň hötdesinden geldiler. Galan 7 medal toplumy ugrunda ýaryşlar şu gün — dünýä çempionatynyň jemleýji gününde geçirildi. Erkekleriň arasynda 4, zenanlaryň arasynda hem 3 agram derejesinde geçirilen ýaryşlaryň netijeleri boýunça türkmenistanly türgenler ýene-de 3 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular.

2023-nji ýylyň dünýä çempionaty ajaýyp sport baýramçylygy hökmünde hemmelere ýatdan çykmajak duýgulary we şatlygy paýlady. Ol köp sanly adamlaryň kuraş sportuna bolan gyzyklanmasyny artdyryp, türgenleri täze ýeňişleri gazanmaga ruhlandyrdy. Bu ýaryşyň üstünlikli geçmegi ähli türkmenistanlylaryň eziz Watanymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy hem-de dünýä derejesindäki iri ýaryşlary ýokary derejede geçirmäge ukyply ýurt hökmünde Türkmenistanyň abraýyny nobatdaky gezek belende galdyrdy.

Şu gezekki dünýä çempionaty uly üstünliklere beslendi. Türgenler we janköýerler Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyndan çäksiz lezzet aldylar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aladalary, ýakyndan goldaw bermekleri netijesinde mümkin boldy.  

Güljemile DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com