Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Kuraş -2023: Türkmenistan altyn medallaryň sany babatda ikinji orunda

29-11-2023 / 19

Türkmenistanly türgenler Kuraş boýunça dünýä çempionatynda 15 medal gazandylar. Bu ýaryş dünýäniň dört yklymynyň — Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň sport wekillerini bir ýere jemledi.

Soňky ýyllarda türkmen türgenleri kuraş boýunça uly üstünlikleri gazandylar. Hindistanda geçirilen ozalky dünýä çempionatynda ildeşlerimiz 1 kümüş we 2 bürünç medal gazanypdylar. Şu gezekki ýaryşda bolsa ýurdumyzyň ýygyndy topary 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle görkeziji bilen biziň pälwanlarymyz medallaryň umumy sany boýunça (15) beýleki toparlardan ep-esli öňe geçmegi başaryp, altyn medallaryň sany babatda diňe Özbegistanyň ýygyndy toparyny öňe geçirdi. Özbegistanyň pälwanlary 7 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular. Baýrakly üçünji orny Gazagystanyň ýygyndy topary eýeledi. Bu ýurduň pälwanlary 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen ýaryşy tamamladylar.

Sportda ýokary netijeleri gazanmak üçin taýýarlyk gerek. Ýylyň bütin dowamynda Türkmenistanyň Kuraş federasiýasy tarapyndan milli ýygyndymyzyň halkara ýaryşlara, şol sanda dünýä çempionatyna taýýarlyk işleri üçin ähli şertler döredilip, türkmen türgenleriniň halkara we milli derejeli okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna hem-de ýaryşlara gatnaşmagy üpjün edildi. Olaryň hatarynda 12 — 21-nji mart aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny, 1 — 20-nji aprel aralygynda Gökdere jülgesinde geçirilen türgenleşikleri, 25 — 30-njy aprel aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen Aziýanyň çempionatyny, 1 — 15-nji iýul we 24-nji awgust — 11-nji sentýabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl welaýatynda geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny, şol ýygnanyşyklaryň ilkinjisinden soň, 16-17-nji iýul günlerinde geçirilen Yssyk-Kölüň kubogy ugrundaky halkara ýaryşy, 23-nji sentýabrda başlanyp, 8-nji oktýabrda tamamlanan Aziýa oýunlaryny (Hytaý Halk Respublikasy), şeýle hem 20-nji oktýabr — 22-nji noýabr aralygynda Arkadag şäherinde geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny görkezip bolar. Oktýabr we noýabr aýlarynda milli ýygyndynyň giňeldilen düzüminiň arasynda saýlama ýaryşlar geçirilip, olardan 30 türgen (14-si erkek, 16-sy zenan) jemleýji türgenleşikler üçin saýlanyp alyndy. Olaryň arasyndan hem ozalky gazanan netijeleri we häzirki fiziki taýýarlygy göz öňünde tutulyp, 15 türgen dünýä çempionaty üçin öňe çykaryldy.

Ak mermerli Aşgabatda dünýä derejesindäki ýaryşyň guralmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berýändiginiň nyşany bolup, bu babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler halkara sport giňişliginde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Ogulnar ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com