Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Kibersport: «GTA VI» hödürlener

29-11-2023 / 12

«Rockstar Games» taslamalaryna ýöriteleşen «Tez2» insaýderi «GTA VI»-nyň resmi tanyşdyryljak dabarasynyň noýabryň ahyrynda ýa-da dekabryň başynda görkeziljekdigini belledi diýip, «gazeta.ru» habar berýär.

Köp garaşylan oýny görkezmegiň iň amatly wagtynyň 7-nji dekabrdygyny çaklaýarlar. Ýagny şol gün «The Game Awards 2023» atly uly şüweleň geçer. Mundan başga-da, şol günler Rockstar Games 25 ýyllygy belleniler. «GTA VI»-nyň ilkinji kadrlaryny görkezmek üçin mundan has şowly pursady göz öňüne getirmek kyn. Eger-de, «GTA VI» agzalan möhletde görkezilmese, «Tez2» indiki möhletiň 2024-nji ýylyň fewraly boljakdygyna ynanýarlar.

Nurýagdy GÜÝÇGELDIÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com