Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Dil — dostluk köprüsi

28-11-2023 / 32

Dil öwrenmek ýörelgeleri ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde giňden berjaý edilýär. Ata Watanymyzyň ähli bilim ojaklarynda dil ugruna degişli dersler, aýratyn hem, rus we iňlis dilleri çuňdan öwrenilýär.

«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» uly buýsanç bilen belläp bileris. Dünýä dillerini öwrenmek diňe bir bu ugurda bilim alýan hünärmenlere degişli bolup durman, eýsem, ähli ugurlarda bilim alýan ýaşlara we zähmet çekýän dürli ýaşdaky hünärmenlere hem degişlidir. Dünýä bilen aýakdaş gitmeli döwürde, has-da bilimiň we kompýuter tehnologiýalaryň kämilleşýän döwründe rus we iňlis dillerini öwrenmek esasy orunda durýan wezipe hökmünde öňe çykýar. Şu nukdaýnazardan, olary çuňňur öwrenmekde ýurduň geljegi bolup, uly ynam bildirilýän ýaşlara aýratyn orun degişlidir.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygy we halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegi dünýä dilleriniň ýokary derejede öwrenmäge ruhlandyrýar. Dünýä dillerini öwrenmäge mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary bilen ýurdumyzda giň gerimde döredilýär.

Rus dilini öwrenmekde dürli görnüşli innowasion tehnologiýalaryň hem ähmiýeti örän uludyr. Ähli ýerlerde, esasan-da, bilim ojaklarynda lingafon enjamlary, kompýuterler, innowasion tagtalar bilen üpjün edilen okuw-iş otaglary döredilýär. Bu bolsa daşary ýurt dillerini tiz we amatly özleşdirmäge oňyn täsirini ýetirýär.

Innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly rus dilini öwrenmegiň täze usullaryna daýanylýar. Sanly ulgamyň barha durmuşymyza ornaşmagy täze mümkinçilikleri döredýär. Bu bilim bermekde, esasan dil öwretmekde hem şeýledir. Çünki dil öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň möhüm ornunyň bardygyny bellemegimiz gerek. Kompýuterlerde dürli görkezmeler, audio ýazgylar rus dilini öwrenmekde oňat ýardam berýär. Şonuň üçin hem häzirki taryhy döwrümizde innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliginden giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda dürli innowasiýa usullaryndan peýdalanmak arkaly ýurdumyzda iňlis, rus, nemes, arap, pars, hytaý, ýapon, hindi we beýleki diller öwredilýär.

Ogulşat AMANGELDIÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com