Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Bilim — röwşen geljegiň rowaçlygy

28-11-2023 / 49

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylan döwletliligiň synmaz sütünlerini berkidýän hormatly Prezidentimiz milli bilim özgertmelerini dowam edip, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemekde beýik işleri bitirýär.

Bu günki gün paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, obadyr şäherlerde häzirki zaman bilim ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýän mekdeplerdir çagalar baglary, aň-bilim hem-de döredijilik merkezleri yzygiderli gurlup, olar döwrebap okuw tehnologiýalary, interaktiw-multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýär. Diňe şu ýylyň özünde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar baglarynyň 6-sy, orta mekdepleriň 18-si açylyp ulanmaga berildi. 1-nji synpa kabul edilen körpeleriň 153 müň 353-sine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan noutbuk kompýuterleri sowgat berildi. Şunuň bilen birlikde, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn, hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işi dünýä ölçegleri esasynda has-da kämilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 14-nji noýabrynda paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşlygynyň dowamynda häzirki döwürde hereket edýän Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Güneşli» ady bilen bina ediljek täze merkeziniň guruljak ýerini kesgitläp bermegi hem ýaş nesiller hakynda döwlet derejesinde edilýän aladanyň nobatdaky aýdyň ýüze çykmasy boldy. Munuň özi bagtyýar çagalaryň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän nesilleriň ukyp-başarnyklaryny döredijiligiň üsti bilen açyp görkezmekleri, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary, zähmete höwesini artdyrmaklary babatda möhüm ähmiýetli başlangyçdyr.

Milli bilim ulgamynyň işgärleriniň ýurdumyzyň nurana geljeginiň, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine ýaş nesillerimize döwrebap bilim-terbiýe bermek işine geljekde-de örän jogapkärçilikli çemeleşip, bildirilýän ynamy ödejekdiklerine pugta ynanýarys.

Rahila ERGAŞOWA,
Çärjew etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com