Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Agro-Pak Türkmenistan – 2023» halkara sergisi öz işine başlady

28-11-2023 / 28

2023-nji ýylyň 28-30-njy noýabry aralygynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň «Sofuar» kompaniýasy gurnamagynda  azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan – 2023» ady bilen azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi öz işini dowam eder.

Halkara sergide Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Moldowanyň, Özbegistanyň hem-de Türkiýäniň degişli pudaklarynyň kompaniýalarynyň önümleri we hyzmatlary tanyşdyrylýar. Mundan başga-da, Gollandiýanyň, Russiýanyň we Eýranyň ýörite pawilýonlary gurnalyp, olarda azyk önümçiliginiň enjamlary, faplama önümleri we gaplama enjamlary, azyk önümleri we iýmit goşundylary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler, suwaryş ulgamlary boýunça önümler we hyzmatlar hödürlenýär.

«Agro-Pak Türkmenistan – 2023» halkara sergisinde gatnaşyjylar azyk önümçiliginiň enjamlary, gaplama önümleri we enjamlary, azyk önümleri we iýmit goşundylary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler, suwaryş ulgamlary ýaly önümlerini hem-de hyzmatlaryny hödürlärler. Bu «Agropak» halkara sergisine daşary ýurtly kompaniýalar bilen bir hatarda, Türkmenistandan hem bu ugurlarda iş alyp barýan köpsanly telekeçileriň we kompaniýalaryň gatnaşmaga gyzyklanma bildirmegi eýýämden çäräniň netijeli boljakdygyny görkezýär.

Ýulduz BABAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com