Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Telewideniýe — jemgyýetçilik guraly

21-11-2023 / 24

Bütindünýä telewideniýe güni (World Television Day) her ýylyň 21-nji noýabrynda bellenilýär. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýuasiýasy bilen (№ A/RES/51/205) 1996-njy ýylyň dekabrynda yglan edildi. Halkara gününiň döredilmeginiň sebäbi dünýäde artýan dawalaryň, parahatçylyga we howpsuzlyga zyýan ýetirýän wehimlere, şeýle hem iri ykdysady we sosial meselelere telewideniýänň üsti bilen dünýä jemgyýetçliginiň ünsüni çekmekden ybaratdyr. Telewideniýe jemgyýetçilik pikirini gönükdirmegiň hem-de monitoringiniň möhüm guralydyr. Onuň dünýä syýasatyna ýetirýän täsiri bimöçberdir.

Dünýäde bu gün bellenilende, ýurtlar parahatçylygy goramak, halkara howpsuzlygyny üpjün etmek, ykdysady we durmuş ösüşi, medeni alyş-çalşy güýçlendirmek bilen bagly gepleşiklerini birek-birege hödürleýärler.

BMG-niň öz telewideniýesi 1947-nji ýyldan başlap, dünýäde dowam edýän ynsanperwer krizisleriň gidýän ýerlerinden telereportažlary taýýarlaýar. Häzirki zamanyň derwaýys meseleleri hakda dokumental filmleri taýynlaýar. Baş Assambleýanyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlislerini göni ýaýlym arkaly dünýä raýatlaryna hödürleýär.

Gurbanmyrat AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com