Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Sport – sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy

20-11-2023 / 16

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüş we innowasiýalar eýýamynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn, ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär. Garaşsyz Diýarymyzda her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy, awtoulagsyz günüň yglan edilmegi türkmen jemgyýetinde indi asylly däbe öwrüldi. Welosiped sürmek sportuň her bir adam üçin elýeterli we ekologik taýdan zyýansyz görnüşleriniň biridir.

Türkmenistanda sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, ýurtda bu ugurdaky hereketleriň täze usullary kemala getirilýär, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurduň ähli welaýatlarynda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we beýleki desgalar bina edildi we ulanylmaga berildi. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek, şeýle hem bütindünýä olimpiýa hereketlerine goşulmak üçin Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň sportda doping serişdesini ulanmaklyga garşy göreşi boýunça Halkara Konwensiýany tassyklady.

Halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamynda hem-de sport diplomatiýasyny ösdürmek boýunça esasy möhüm ugurlaryň biri hem dünýäde türkmen milli göreşini yzygider ýaýratmak bolup durýar. Türkmenistan sebit we dünýä derejesindäki iri sport ýaryşlary guramak hem-de geçirmek üçin uly tejribä hem mümkinçilige eýedir. Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri bu ulgamda durmuşa geçirilýän strategiýalaryň aýdyň subutnamasydyr. Bize munuň ýaly mümkinçilikleri döredip berendigi üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri barha rowaçlansyn!

Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri, l/g podpolkownigi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com