Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Sagdyn jemgyýet — döwletiň daýanjy

17-11-2023 / 28

Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygarlardan ugur alnyp, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmegiň ýolunda biziň şu günki we ertirki maksatlarymyzy, wezipelerimizi kesgitleýär.

Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, sporty hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän köpugurly syýasatyň üstünliklere eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň baş baýlygy bolup durýar. Geçen ýyl Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň ýörite nyşanynyň gowşurylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkara derejedäki ykrarnamasyna öwrüldi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde gysga döwürde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň tutuş ulgamy döredildi. Şonuň netijesinde, ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşleri ilatymyz üçin elýeterli boldy.

Bilşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbi tutuldy. Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak baradaky çözgüt ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna berilýän uly ünsüň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Täze guruljak binalar dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň innowasion tehnologiýalary hem-de häzirki zaman kompýuter tehnikalary bilen doly üpjün edilip, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge ýardam berer.

Gunça ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener­-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com