
Türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhy ýoly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara hyzmatdaşlygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň binýadyny berkidýär.
Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we onuň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň dowamynda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly sergi guraldy. Onda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, milli däp-dussurlaryny beýan edýän sungat eserleriniň çeper keşbi beýan edildi. Türkmeniň halyçylyk, keşdeçilik sungaty halkara derejesine çykarylyp, ene-mamalarymyzyň ýol-ýörelgesi, mukaddes käriniň dowamaty şöhlelendirildi. Mährem ene Ogulgerek Berdimuhamedowa özüniň mukaddes halyçylyk kärine bolan söýgüsini, gaýratyny, el hünärini türkmen zenanlaryna mahsus häsiýetleri jemleýän sungat eseriniň üsti bilen dünýä çykardy. Bu bolsa türkmeniň eli hünärli, dili senaly zenanlaryna goýulýan hormatdan nyşandyr. Şeýle-de milli gymmatlyklarymyzy diňe bir gorap saklamak däl-de, olary nesilden-nesle geçirmegiň, gyz çagalara zähmet we estetik terbiýe bermegiň görüm-göreldesini görkezdi. Ol mukaddes käriň eneden-gyza, gaýyndan — gelne, gelinden — agtyga geçirmek ýörelgesini dowam etdirip, türkmen halkynyň özboluşly terbiýe mekdebiniň çeper keşbini bütewileşdirdi.
Ene-mamalarymyz perzentleriniň ykbalynyň ýagty, nurana bolmagyny özleriniň päk söýgüsinde, arzuw-isleginde jemläpdirler. Olar çagalarynyň geljegini sallançakda hüwdülänlerinde gulagyna guýupdyrlar. Eneleriň mukaddes söýgüsi, yhlasy söz sungaty bilen sazlaşyp, nesilleriň kalbyna ýetirilipdir:
Aýlar gyzym almaly,
Aýda dokar bir haly,
Halysynyň kenary,
On barmagyň hünäri
— diýmek bilen, gyzjagazlaryň edebi el hünärinde ýüze çykarylyp, halal ýaşamak, gaýratly bolmak, hormata ýetmek düşünjelerini alamatlandyrypdyr.
Biz şu ýerde mährem ene Ogulgerek Berdimuhamedowanyň mukaddeslikleriň sazlaşygyny döredişi baradaky pikirini aýratyn bellemek isleýäris. Gaýratlylygy, belent adamkärçiligi bilen ussat halyçy, mukaddes eseri döredişi sungat. Ene-mamalarymyzdan gelýän milli gymmatlygy gözüň göreji deýin gorap, ony mukaddeslik saýyp aýap saklamak göreldesi sungat , terbiýäniň ajaýyp nusgasyny döretmek we nesillere geçirmek sungat. Ine, şu mukaddes sazlaşyk türkmen zenanyna mahsus häsiýet bolup, nusga bolup dünýä dolmagyň alamatydyr.
Goý, Türkmenistan Watanymyzyň halkara giňişliginde tutýan ornunyň has belende galmagy ugrunda çekýän zähmeti üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Mährem enelerimiziň nesilleri terbiýelemekde çekýän yhlasly zähmeti, görüm-göreldesi sungatlary bütewileşdirip, mukaddeslikleri sazlaşdyrsyn!
Mährijemal JUMAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.