
Bilşimiz ýaly, düýn – 17-nji noýabrda Mary welaýatynyň edara ediş merkezi Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy öz işine başlady.
Mälim bolşy ýaly, bu forumy geçirmek teklibi şu ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi. Bu başlangyç Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky deň-duşlary bilen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, giň dünýägaraýyşly, öz halkynyň däp-dessurlaryna, milli mirasyna belent sarpa goýýan, bilimli, zehinli ýaş nesli terbiýelemek babatda köpugurly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
«Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesine üýtgewsiz eýerip, Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy, gadymdan gelýän ynanyşmak däplerini gorap saklamagy, irki döwürden bäri medeniýetiniň, taryhynyň, ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen baglanyşýan doganlyk halklaryň arasynda özara hormat goýmagy goldamagyň möhümdigini hemişe nygtap gelýär. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki forumyň Mary şäherinde geçirilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Irki döwürde “Merkezi Aziýanyň derwezesi” adyny alan bu şäher Beýik Ýüpek ýolunyň başlangyç nokady bolan Hytaýyň gadymy paýtagty Sianyň doganlaşan şäheridir.
Ýurdumyzda üstümizdäki ýylyň çuň many-mazmuna eýe bolan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçmegi öňlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik özgertmelerini dowam etdirmek wezipesi duran ýaş nesle bildirilýän uly ynamyň aýdyň nyşanydyr. Bu gün ýaş türkmenistanlylar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, milli we döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar, ylym-bilim, jemgyýetçilik işi bilen meşgullanyp, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösüşine goşantlaryny goşýarlar.
Hakberdi BAÝMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.