Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Milli demokratiýamyz dabaralanýar

13-11-2023 / 21

Halk bilen maslahatlaşmak, geňeşmek türkmeniň asylly milli däpleriniň we demokratik ýörelgeleriniň biridir. Asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, miras hökmünde sarpalanýan bu milli demokratik ýörelgäniň nusgasyny özünde jemleýän, görüm-göreldäniň mekdebi bolup durýan Halk Maslahaty halkyň köňül telwasyna gulak goýmagyň, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz demokratiýany ösdürmekde raýat jemgyýetini kämilleşdirmegiň, dünýä ölçeglerine laýyklykda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmegiň, hukuk taýdan goramagyň, syýasy ulgamy ösdürmegiň, şeýle-de kämilleşdirmegiň tapawutlandyryjy aýratynlyklaryna yzygiderli üns berýärler. Munuň özi ilatyň döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga işjeň gatnaşmagynda, raýatlaryň durmuş, syýasy hukuklarynyň täze mazmun bilen baýlaşmagynda öz beýanyny tapýan demokratiýany kämilleşdirmegiň yzygiderli işiniň ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşiniň baş kanunalaýyklygy hökmünde çykyş etmegine oňaýly täsir edýär.

Konstitusion gurluş — bu jemgyýetiň we döwletiň Konstitusiýada berkidilen hem-de durmuşda hereket edýän ýörelgeleridir. Türkmenistanyň konstitusion gurluşyna mahsus özboluşlyklaryň hatarynda milli demokratik ýörelgäniň beýany bolan Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýy mynasyp orun tutýar. Çünki Halk Maslahatynyň işiniň mazmunynda — halk häkimiýetliligi, ýagny döwlet özygtyýarlylygynyň halkyň özygtyýarlylygyna esaslanmagy, döwletiň halk döwleti bolmagy, döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk çeşmesiniň halk bolmagy, döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamynyň deňagramly, sazlaşykly, utgaşykly işlemegi, adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde görülmegi, döwletiň syýasy gurluşynyň demokratiýa esaslanmagy ýaly ýörelgeler aýdyň şöhlelenýär. Biz geçirýän çärelerimizde şular dogrusynda wagyz-nesihat edýäris.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde Garaşsyz Watanymyza beýik söýgini, milli buýsanjy terbiýeleýän, milli ýörelgelerimize laýyk gelýän, bilim berijilik häsiýetli wagyz-nesihat işleriniň gerimini giňeltmek bilen bagly goşmaçalar hem öz beýanyny tapdy. Şundan ugur alnyp, ýörite taýýarlanan meýilnama laýyklykda, Mejlisiň deputatlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda aýry-aýry şygarlar boýunça terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat, düşündiriş işleri alnyp barylýar

Ilýas ÝULDAŞOW,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com