
Ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan ýurdumyzda behişdi bedewleriň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýä ýüzündäki şöhratyny has-da belende götermek, tohumçylyk-seçgi işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler öz oňyn netijesini berýär. Hasyl toýuna gabatlanyp, Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň golaýyndaky 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ägirt uly tohumçylyk-seçgiçilik kuwwatlyklaryna eýe bolan atçylyk pudagynda ahalteke bedewleriniň nesil dowamaty babatda täze ylmy usullaryň we çemeleşmeleriň, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagy olaryň ajaýyp genofondynyň aýawly goralyp saklanyljakdygyna, milli, ruhy we taryhy gymmatlyk hökmünde geljek nesillere ýetiriljekdigine güwä geçýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylandygyny bellemek gerek. Bu ýokary okuw mekdebinde türkmen halkynyň ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde toplan köpasyrlyk däplerini dowam etdirjek we täze taryhy eýýamda pudagyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar.
Döwlet Baştutanymyz atçylygyň nesil dowamatyny ösdürmäge hem-de halkara derejedäki ugurdaş pudaga goşulyşmagyna, degişli düzümiň kemala getirilmegine aýratyn üns berýär. Şu ýylyň 4-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze gurlan athana gelip, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy. Şonda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de bu düzümiň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine özboluşly goşant goşjak desganyň açylyş dabarasynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýuna gabatlanyp guralmalydygy tabşyryldy.
Täze toplumyň umumy tutýan meýdany 15,4 gektar bolup, onuň çäklerinde birnäçe desga gurlupdyr. Dabara gatnaşyjylaryň täze athana bilen tanyşlygy dolandyryş binasyna baryp görmek bilen başlanýar. Bu ýerde olar hünärmenler üçin niýetlenen otaglary synladylar. Binada mejlisler zaly, işgärler üçin naharhana we zerur bolan beýleki ýerler bar. Täze toplumyň wezipesi atçylygy mundan beýläk-de ösdürmekden, arassa ganly bedewleriň sanyny artdyrmakdan, tohum häsiýetlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.
Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,
TOHI-niň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň müdiri.