Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Mähriban topragyň sahawaty

12-11-2023 / 7

Ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda «ak altynyň» hem-de azyklyk bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Gök, miwe, bakja önümlerini öndürijiler gazanan ýokary netijeleri bilen tapawutlandylar.

Soňky ýyllarda milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň guramaçylyk düzümini kämilleşdirmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Pudagyň kanunçylyk-hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär. Oba zähmetkeşleriniň girdejileriniň artmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi oba ilatynyň rowaçlygynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda, oba hojalyk pudagyny ulgamlaýyn dolandyrmak we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, däneçilik, ekerançylyk hem-de pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary döredildi. Bu işler ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ony hil taýdan täze derejelere çykarmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen bir hatarda, daýhan birleşikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Olara bellenen tertipde ekinlere ideg işlerini geçirmek üçin traktorlar, oba hojalyk tehnikalary, enjamlar berilýär. Häzirki döwürde gallany, pagtany, azyklyk gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalar, maldarçylyk, guşçulyk toplumlary döredilýär. Önüm öndürijiler bilen gaýtadan işleýän kärhanalaryň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýulýar.

Daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere ýeňillikli şertlerde bank karzlary berilýär. Daýhanlar tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohum, zyýankeşlere garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalarda üpjün edilýär. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta iberilýän önümleri öndürmek boýunça uly işler ýerine ýetirilip, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnamalaryň çäklerinde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän galla kärhanalary, maldarçylyk toplumlary, ýyladyşhana hojalyklary, et we süýt önümlerini öndürýän kärhanalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. 

Gülnur ESENOWA,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com