
Ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Bilim ulgamyna jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýar. Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilip, bu ugurda ädilýän ädimler, ilkinji nobatda, doly derejeli we köpugurly bilim almak, sazlaşykly ösen ýaş nesli, hakyky watançylary terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Muny döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan çagalara ýörite ornaşdyrylan programma üpjünçilikli «Bilimli» atly kompýuterleriň ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurylmagy hem tassyklaýar.
Geçen ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda maksada okgunly, ýokary hünärli, taýýarlykly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýelemegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Elbetde, biz Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesli häzirki döwürde geljegi döredijiler diýip atlandyryp bileris. Watanymyzyň gazanan üstünliklerinden ylham alýan bagtyýar ýaşlar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekýärler, milli we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, ylym-bilim, jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar, döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýärler.
Bilim we ýaşlar meseleleri hakdaky döwlet we halkara derejede alnyp barylýan işler, öňe sürülýän oňyn başlangyçlar biziň ýaşlarymyzy hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler edip ýetişdirmegi nazarlaýar. Şunda bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk esasyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň köpugurly mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak maksady bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň işlenip taýýarlanylandygyny hem-de rejelenen görnüşde kabul edilendigini nygtamak möhümdir.
Nartäç PIRLIÝEWA,
Halaç etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň müdiri.