Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

10-njy noýabr: Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni

10-11-2023 / 45

Her ýylyň 10-njy noýabrynda bütin dünýäde Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni giňden bellenilip geçirilýär. Ol ylmyň peýdalary barada dünýäde habarlylygy artdyrýar, halkara jemgyýetçiligine ylmyň zerurlygynyň  ýatlatmasy bolup hyzmat edýär.

Bu günüň maksady ylmy we tehnologiki ösüşleri adamzat siwilizasiýasynyň peýdasyna parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine ulanmak, şeýle hem, günüň maksatlarynyň arasynda  parahatçylyk we ösüş ugrundaky milli we halkara borçnamalaryň täzelenmegi we ylmy jemgyýetiň peýdasyna jogapkärli ulanylmagyny nygtamak; jemgyýetiň ylymyň ähmiýetine düşünmek we ylym bilen jemgyýetiň arasyndaky boşlugy aradan aýyrmak bolup durýar.

Bütindünýä ylymlar güni bilen baglanyşykly her ýurtda dürli çäreler gurnalýar. Ony durmuşa geçirmek boýunça  1999-njy ýylda Budapeştde geçirilen Bütindünýä ylymlar maslahatynda ylym bilen jemgyýetiň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň zerurlygy beýan edilýär. Şol ýyldaky konferensiýanyň meýilnamasyna laýyklykda ÝUNESKO resmi taýdan Bütindünýä ylymlar gününi döretdi we 2001-nji ýylda geçirilen umumy maslahatda bellenilmeginiň zerurlygy yglan edildi. Bu gün ilkinji gezek 2002-nji ýylyň 10-njy noýabrynda bellendi we şol ýyldan  bäri bütin dünýäde giňden bellenilip gelinýär.

Bu babatda ÝUNESKO her ýyl döwlet guramalary, ylym  we bilim toparlary bilen Bütindünýä ylymlar gününiň manysy barada bilim ýaýratmak üçin köp iş alyp barýar.

Adylşa BAÝRAMMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com