Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Sport — dostlugyň ýoly

07-11-2023 / 26

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işleriň netijesinde eziz Diýarymyzda sporta halklaryň dostlukly gatnaşyklarynyň binýady, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär.

Meýilleşdirilişi ýaly, şu ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Bu ýokary derejeli ýaryşda türkmen türgenlerine uly ýeňişleri arzuw edýäris. Şeýle-de sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy bolan Türkmenistanyň halkara sport ýaryşlaryny kabul etmek babatda toplan tejribesini göz öňünde tutup, öňde duran sport çäreleriniň ak ýürekliligiň hem-de hormat goýmagyň nusgasyna öwrülip, halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynamy hem-de umumadamzadyň durnukly ösüşi ugrunda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýarys.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, sport bilen meşgullanmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, şeýle hem bedenterbiýe we sport ulgamyna maýa goýumlary çekmek üçin oňaýly şertler döredilýär. Şonuň bilen birlikde, bedenterbiýe we sport edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etdirmek, işgärleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek, bu ugurda işleýän hünärmenleriň durmuş goraglylygyny güýçlendirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm ähmiýetli we ileri tutulýan wezipeleriň çözülmegi, bedenterbiýe we sport babatynda döwlet syýasatyny umumylaşdyrmak, bu ugurda amala aşyrylýan çäreleri utgaşdyrmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnamasy tassyklanyldy.

Ýurdumyz sport çygrynda halkara guramalary we dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeldýär. Hususan-da, Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Bütindünýä dopinge garşy göreş agentligi, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça halkara we sebit guramalary bilen özara gatnaşyklar alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygynyň esasy girewi hasaplanýan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, milli sportuň dünýä sportuna işjeň goşulmagyny gazanmak babatdaky başlangyçlarynyň netijesinde durmuşa geçirilýän guwandyryjy işler, ýetilen belent sepgitler — bularyň ählisi dünýäde türkmen sportunyň has-da dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Anna AMANBERDIÝEW,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com