
Her ýylda Hasyl toýy ýurt derejesinde uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Däneçilikde, pagtaçylykda we oba hojalygynyň beýleki ugurlarynda zähmet çekip, ýokary netije gazanan daýhanlara, mehanizatorlara we oba hojalyk işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, diplomlar gowşurylýar.
Hasyl toýy — daýhanyň bagt toýy. Bu toý diňe bir kärendeçi daýhanlaryň däl, ähli il-günümiziň baýramy. Hasyl toýuna ýaş daýhanlaryň hem zähmet ýeňşi bilen barmagy, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumyna berýän aýratyn ünsüniň, ýaşlar baradaky aladasynyň netijeleridir.
Ata-babalarymyzyň maňlaý deri garylan, nazary düşen, aýak yzlary galan, ene-mamalarymyzyň ýürek mähri siňen türkmen topragynyň ykbaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has belende göterildi. Bol hasylly topraga dünýäniň iň parahat, asuda, abadan ýeri hökmünde baha berýän merdana daýhanlarymyzyň kesbini zähmetsöýer nesillerimiz buýsanç bilen dowam etdirýärler.
«Ekin eýesiniň gözünden suw içer» diýen pähimden ugurly daýhanlarymyz ekine üýtgeşik mähir-alada bilen ideg edýärler. Pederlerimizde şeýle aýtgy bar: «Toprak bir ýigidiň bagtyny açmak üçin kyrk ýyllap garaşyp ýatarmyş». Hawa, toprakdan kemal tapyp, bagta ýeten adamlar juda kän. Toprak adamy ekleýär. Oňa diňe idi-yssywat gerek. Bu babatda döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer kärendeçilerimize uly ýardam berýär. Mümkinçilige netije, ynama yhlasly zähmet bilen jogap berýän daýhanlarymyz döredilýän şertleri ýerlikli ulanyp, ýerden alynýan hasylyň möçberini ýylsaýyn artdyrýarlar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, edermen babadaýhanlarymyzyň çekýän tutanýerli we öndürijilikli zähmetiniň netijesinde ýurdumyzda her ýylda «ak altynyň», guşgursak dänäniňdir beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.
Hojageldi HOJAÝEW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.