Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Bereketliligiň toýy

Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi - Hasyl toýy

04-11-2023 / 35

Hasyl toýy ene topraga bolan söýgüniň yhlasa ýugrulyp, dünýä ýüzüne dabaralanmasydyr. «Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýen paýhasy ýörelge edinen ýer eýeleri bu gün çeken halal zähmetiniň rehnetini görýär.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlary hem daýhançylyga ugrukdyryň, höweslendiriň!» diýen sargydyna eýerýän ýaşlarymyz gadymy ekerançylyk ýörelgelerine, daýhan pederlerimiziň däplerine beýik söýgi bilen seredýärler. Ak patraga çalym edýän pagta meýdanlaryna aýlanyp, «ak altyny» ýetişdirmekde we isripsiz ýygnamakda işjeň gatnaşýan ýaşlary göreniňde, zähmetsöýer nesliň kemala gelýändigine buýsanýarsyň. Olara ömrüni ekleýji topraga baglan tejribeli kärendeçiler, daýhanlar, ýer eýeleri ýol-ýörelge görkezýärler.

«Ekin eýesiniň gözünden suw içer» diýen pähimden ugurly daýhanlarymyz ekine üýtgeşik mähir-alada bilen ideg edýärler. Pederlerimizde şeýle aýtgy bar: «Toprak bir ýigidiň bagtyny açmak üçin kyrk ýyllap garaşyp ýatarmyş». Hawa, toprakdan kemal tapyp, bagta ýeten adamlar juda kän. Toprak adamy ekleýär. Oňa diňe idi-yssywat gerek. Bu babatda döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer kärendeçilerimize uly ýardam berýär. Mümkinçilige netije, ynama yhlasly zähmet bilen jogap berýän daýhanlarymyz döredilýän şertleri ýerlikli ulanyp, ýerden alynýan hasylyň möçberini ýylsaýyn artdyrýarlar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, edermen babadaýhanlarymyzyň çekýän tutanýerli we öndürijilikli zähmetiniň netijesinde ýurdumyzda her ýylda «ak altynyň», guşgursak dänäniňdir beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.

Goý, zähmetsöýer daýhanlarymyzyň hasyllary bol, harmanlary bereketli bolsun! Topragymyzyň sahawaty ýene-de artsyn!

Güljemalhan TÄÇMÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com