
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna, durmuşymyzyň dürli ugurlaryna, şol sanda bilim ulgamyna ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda diňe bir orta we ýokary okuw mekdeplerde däl, eýsem, çagalar baglarynda hem internet-aragatnaşyk ulgamyna birleşdirmek, olary kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün etmek, sapaklary sanly ulgamda guramak işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň meýilnamalaryna täze hünärler girizilip, täze kafedralar açylýar.Ýurdumyzda ylym-bilimiň öňe gitmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlaryndan, döwlet maksatnamalaryndan ugur alynýar.
Häzirki wagtda iň öňde goýulýan meseleleriň biri hem ökde hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar. Islendik tehnikanyň getirilmegi, ulanylmaga berilmegi, olardan alynýan netijeler hünärmenleriň olardan baş çykaryp biliş derejesi bilen kesgitlenilýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak möhüm ähmiýete eýedir. Döwrüň talaby bolan akylly serişdelerden, kompýuterlerden ýaş nesliň peýdalanyp bilmeklerini üpjün etmekligi gazanmak ýola goýulýar. ,,Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde sanly bilim portallary işlenip taýýarlanylýar. Bulardan başga-da. bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň, giňden ornaşdyrylagy netijesinde bilim babatda halkara hyzmatdaşlygy hem berkidilýär.
Milli bilim ulgamynyň ösdürilmegi, innowasion kompýuter tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak ugrunda netije işleriň ýola goýulmagy babatda uly işleri alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Mähri DAŇATAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.