
Ýurdumyzda oba hojalyk önümçiligini kämilleşdirmek, täze ykdysady usullary ornaşdyrmak, bu pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde azyklyk önümleriň bolçulygy üpjün edilýär. Bereketli topragymyzdan ýygnalýan hasylyň hili we derejesi hem ýokarlanýar.
Ynha, şu ýyl hem lebaply ekerançylar 10200 gektar meýdanda azyklyk ekinleriň esasylarynyň biri bolan şalynyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Olar 7-nji oktýabrda şaly oragyna guramaçylykly girişdiler. Her ýyl ilatyň saçagynda bu önümiň bolçulygynyň döredilmegi şalyçylaryň ukyp-başarnyklarynyň, iş tejribeleriniň ýeterlidiginden habar berýär.
Şu ýyl şalynyň ýokary hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan «Nukus-2» görnüşi ekildi. Ilatyň saçagynda köp görnüşli, ýokary hilli we ýokumly bu azyklyk önümiň bol bolmagy üçin yhlasly zähmet çekildi.
Häzirki wagtda ýygnalýan hasyly ýitgisiz daşamak, oňat hilli saklamak, arassalamak, gaýtadan işlemek we önüm öndürmek bilen baglanyşykly işler guramaçylykly ýola goýuldy. Halaç, Kerki, Köýtendag, Hojambaz etraplarynyň şalyçylary şaly oragyny has-da guramaçylykly geçirýärler.
Welaýatymyzda şalyny ösdürip ýetişdirmäge örän höwesli çemeleşilýär. Şalyçylaryň zähmetini höweslendirmek maksady bilen geçen ýyllarda şalynyň döwlet tarapyndan satyn alnyş nyrhy hem birnäçe gezek ýokarlandyryldy. Ýurdumyzda öndürilen, ekologik taýdan arassa bu azyklyk önüme bolan islegiň bolelin kanagatlandyrylyp durulmagy Berkarar döwletimizde ruhumyzy belende göterýän, ynamymyzy berkidýän bereketliligiň we bolçulygyň emele gelendiginiň buýsançly güwäsidir.
Batyrguly ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy.