
Jemgyýetiň berkligi, döwletiň berkararlygy maşgalanyň jebisligi bilen özara baglanyşyklydyr. Maşgalanyň abraýy onda terbiýelenýän çagalaryň edep-terbiýe kadalaryny berjaý edişine, daş-töweregindäkiler, ilkinji nobatda bolsa ene-atasyna we beýleki maşgala agzalaryna bolan edepli gatnaşygy bilen ölçenilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmen halkynyň arasynda ata-eneden galan mirasyň iň gymmatlysynyň, iň ýagşysynyň edep-terbiýediginiň nygtalmagy hem ýöne ýere däldir. Perzendini jigerbendi hasaplan türkmen halky terbiýäniň iň täsirlisiniň, iň gowusynyň görüm-göreldedigine göz ýetirip, olary söz bilen däl, iş bilen, görelde bilen terbiýeläpdirler.
Halkymyz ýaş nesilleri terbiýelemäge hem aýratyn üns beripdir. Esasan hem ýaşlary terbiýelemegiň milli mekdebi kemala gelipdir. Şeýle milli ýörelgeleri edebi çeşmelerimizden, halk döredijiliginden aýdyň görmek bolýar. Muňa paýhasly pederlerimiziň akyl ummanyndan dörän edep-terbiýe baradaky ençeme nakyllar hem şaýatlyk edýär: «Akylly ogul hem edep, hem talap», «Akylly ogul — hümmetli, akylly gyz gymmatly», «Edebiň ýagşysy — salam bereni, Ýakynlyk ýagşysy — baryp-geleni», «Edep başy — dil», «Edep — bergidir, bermedige — görgüdir». Görnüşi ýaly, pähimdar pederlerimiziň döreden nakyllarynda hem edep barada parasatly pikirler beýan edilýär. Ata-babalarymyz ýaş nesilleri pähimli sözler bilen terbiýeläpdirler. Bu bolsa olaryň aň-düşünjeli bolmagyna, çeper sözli bolup ýetişmeklerine oňat ýardam edipdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary edepli edip ýetişdirmek, milli ruhda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýaşlaryň terbiýesine maşgalada hem, orta mekdeplerde hem aýratyn üns berilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, zähmetsöýer, zehinli bolup ýetişmegi baş aladamyz bolup durýar. Ýaşlary terbiýelemäge, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
N.GARDAŞOWA,
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili mugallymy.