
Ählimize mälim bolşy ýaly, oktýabr aýy «Süýt mäzleriniň howply döremelerine garşy göreş» aýy diýlip yglan edildi. Bu ugurda welaýatymyzda birnäçe işler amala aşyryldy. Has takygy, bu ugurda Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynda howply keseliň öňüni almak we bejermek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Biraýlygyň dowamynda Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň hem-de etrap, şäher saglyk öýleriniň guramagynda onkolog lukmanlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin ýaşaýan, okaýan we dynç alynýan ýerlerde süýt mäzleriniň howply täze döremeleri we onuň öňüni almak, anyklamak, bejermek hem-de saglygyny dikeltmek babatynda giňişleýin wagyz-nesihat duşuşyklarydyr maslahatlary yzygiderli geçirildi. Çärelere dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşmak bilen, onda lukmanlar olara bu howply keseliň garşysyna hemmeleriň bilelikde göreşmegini ündew etdiler. Şeýle-de wagyz-nesihat çärelerde lukmanlar zenanlaryň dürli sowallaryna giňişleýin jogap berdiler we gerekli maslahatlary ündediler. Munuň özi zenanlarda keseliň döremezligi üçin edilmeli çäreleri we irki döwürde anyklamaga ýeterlik maglumatlary bilmäge mümkinçilik boldy. Şeýle çäreleriň geçirilmegi zenanlarymyzy bu howly keselden goramakda we wagtynda öňüni almakda oňyn netijeleri berýär.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dürli keselleriň, howply täze döremeleriň öňüni almak maksady bilen netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza ynsan saglygy ugrunda edýän ummasyz aladalary, giň döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda işlemäge döredýän mümkinçilikleri üçin ähli lukmanlaryň adyndan sagbolsun aýdýarys.
Şatlyk ITALMAZOW,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.