Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Türkmen-türk medeni gatnaşyklary hakda söz açsaň…

26-10-2023 / 57

Taryhy we däp-dessurlary umumy bolan Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy gumanitar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Täze taryhy eýýamda medeniýet, bilim, ylym ýaly wajyp ähmiýetli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Iki ýurduň alymlary Türkmenistanda we Türkiýede geçirilýän ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýarlar, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, iki halkyň Medeniýet günleri we amaly-haşam sungatyna degişli sergileri yzygiderli guralýar.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi iki doganlyk halky baglanyşdyrýan taryhy, medeni we ruhy umumylygyň netijesidir. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm ugurlary bolan ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini aýratyn nygtamaly. Iki halkyň dini, dili, taryhy kökleriniň umumydyr we bu ugurlar “Iki döwlet — bir millet” diýen jümlede öz beýanyny tapýar.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 1993-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň maksady umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramak, ösdürmek, geljek nesillere miras goýmak işinde türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Gurama her ýylda suratkeşleriň döredijilik duşuşyklaryny, surat sergilerini, edebi ýygnanyşyklary, opera, teatr, saz, tans festiwallaryny we beýleki forumlary guramak bilen, medeniýet, sungat işgärleriniň arasynda özara tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, TÜRKSOÝ köp sanly halkara taslamalary durmuşa geçirip, türki halklaryň medeniýetini wagyz edýär.

2022-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylar türkmen tarapynyň öňe süren Gündogaryň akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly”, Änew şäherini hem şol ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky teklibini biragyzdan goldadylar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän halkara medeni diplomatiýasynyň rowaçlanýandygynyň, şol sanda umumadamzat medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türki halklaryň baý medeni mirasyny goramak, öwrenmek we dünýäde wagyz etmek işinde TÜRKSOÝ bilen özara dialogyň ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.

Serdar JORAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com