
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň döwrebap we milli ruhda terbiýelenmegine uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem körpeleriň sazlaşykly irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ýokary derejede alyp barmak ugrundaky okuw-terbiýeçilik işleri guramaçylyk çäreleri bilen hem utgaşykly alnyp barylýar.
Çagalaryň zehinlerini we ukyp-başarnyklaryny ösdürmek ugrundaky çäreleriň hatarynda yzygiderli geçirilýän bäsleşikleriň hem oňyn ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Çünki bäsleşiklere görnüşine görä taýýarlanmak, olarda ýerine ýetiriljek çykyşlaryň üsti bilen çagalaryň sözleýiş endiklerini ösdürmek, medeniýete we sungata söýgi döretmek, şeýle-de netijeleri arkaly höweslendirmek mümkinçiligi açylýar. Şeýle bäsleşiklere biziň çagalar bakja-bagymyzyň körpeleri hem işjeň gatnaşýarlar.
Aýratyn zehinli körpeleriň ýüze çykarylmagynda, olaryň sanynyň artdyrylmagynda ýokary ähmiýetli bäsleşikleriň biri hem çagalar-baglarynyň körpeleriniň arasynda guralýan «Altyn aşygym alçy gop!» ady bilen geçirilýän bäsleşikdir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem türkmen milli oýunlary esasynda geçirilýän bu bäsleşigiň tapgyrlary guramaçylykly we baý mazmunly häsiýete eýe boldy. Biziň çagalar bakja-bagymyzyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynyň çagalarynyň gatnaşyp, degişli şertleri üstünlikli berjaý etmekleri bilen, etrap tapgyryndan saýlanyp, welaýat derejesinde baýrakly orna eýe bolmagy biziň ählimizi buýsandyrdy. Şeýle netijeleri gazanmakda aýdym-saz mugallymlary Sona Gurdowanyň we Guwanç Babaýewiň, şeýle-de terbiýeçi Maral Mämijikowanyň döredijilikli we tutanýerli zähmetiniň bardygyny bellemek bolar.
Bilim-terbiýeçilik işgärleriniň bagtyýar nesilleri ýokary watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we işjeňlik ruhunda terbiýelenmeginde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Ogulmaral RAHYMOWA,
Türkmengala etrabyndaky 7-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.