Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Bilim – baýlyk

25-10-2023 / 7

Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr.

Ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň ajaýyp bilim we terbiýe alyp, eziz Watanymyza, halkymyza mynasyp hyzmat etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ak mekdepleriň bosagasyndan ilkinji gezek gadam basýan 1-nji synp okuwçylara ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleri sowgat berilýär. Milli Liderimiziň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, biziň esasy wezipämiz halkymyzyň taryhyny bilýän, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan uly üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini ýetişdirmekden ybaratdyr.

Watanymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary, çagalar baglarynyň we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri gurulýar. Halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bilim ulgamyny düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, mekdepleriň okuw tertipnamasyna düýpli täzelikler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti ýaly başga-da birnäçe dersler binýatlaýyn sapaklaryň hataryna goşuldy. 

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, giň düşünjeli kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun,  tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Sähetmyrat ATABAÝEW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com