
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiz bedew bady bilen ösýär. Garaşsyz ýurdumyz innowasion täzelikleri özleşdirmek arkaly halk hojalygyna sanly ulgamy ornaşdyrmak we ösdürmek babatda giň tejribe toplady. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz parasatly baştutanlygynda degişli ugurda amala aşyrylýan özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär.
Ýurdumyzyň kuwwatly durmuş syýasaty ösüş ýolumyzyň tapawutly aýratynlygydyr. Şoňa görä-de, baş maliýe meýilnamamyz bolan Döwlet býujetiniň esasy bölegi durmuş ulgamyna gönükdirilýär. Onuň serişdelerinden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 56 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 44 göterimi goýberildi. Şu ýyl göz öňünde tutulan 2688 iş ornunyň ýerine 7607 täze iş ýeri döredildi. Täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan bolsa aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyryldy hem-de bu syýasat üstünlikli dowam etdiriler.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda hem milli ykdysadyýetimiz durnukly ösüşe eýe boldy. Hasabat döwründe 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Dokuz aýyň dowamynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 göterim köpeldi. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 13,3 göterim artdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň berjaý edilýändigini görkezýär.
Ýurdumyzda sanly ulgamyň doly ornaşdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda onuň kanunçylyk binýady hem yzygiderli ösdürilýär. Bu ugurda Diýarymyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hereket edýär. Sanly ulgamyň konseptual resminamasynyň we Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa, milli ykdysadyýetimiziň innowasion üpjünçiliginiň berk binýadynyň goýulmagyna we senagat-innowasion ykdysadyýete geçmäge täze mümkinçilikleri açýar.
Mähri ATAMEDOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.