Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTehnologiýa

Täze «Pencil» stilusy

22-10-2023 / 39

«Apple» hem-de «iPad» planşetleri üçin niýetlenen täze «Pencil» stilusyny mälim etdi.

Enjam kompaniýanyň 2018-nji ýylda hödürlän «Pencil 2» stilusyndan USB-C portunyň bolmagy bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde, ol «iPhone» -dan we «iPad» -dan zarýad alyp bilýär. Bu aksesuary magnit arkaly planşetiň korpusyna berkidip bolýar. Stilus 10-njy nesil «iPad», 6-njy nesil «iPad mini», 4-nji nesil «iPad Air», «iPad Pro» we has täze planşetlerde işleýär. Täze önüm şu ýylyň noýabr aýynyň başynda satuwa çykarylar.

Bahasy babatda 129 dollar bolan «Pencil 2-den» arzandyr. USB-C porty bolan «Apple Pencil» 79 dollara satylar. Şonuň üçin onuň birnäçe öňdebaryjy funksiýalary ýok – basyşa duýgurlygy ýok, iki gezek basmak mümkinçiligi ýok, simsiz zarýad alyp bilmeýär.

Jemşit IŞANKULYÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com