
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýlip atlandyrylýan ösüşiň häzirki tapgyrynda mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz adamyň saglygynyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydygyny aýratyn nygtaýar.
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň çäklerinde netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly üns berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary we ylmy-barlag merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, ÝUNISEF-niň we beýlekileriň giň ykrarnamasyna eýe boldy. Olar bilen hyzmatdaşlyk ýokanç we ýokanç däl kesellere, çilimkeşlige garşy göreşmek, sagdyn iýmitlenmek, saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda ylmy-amaly maslahatlary, okuw maslahatlaryny, saglygy goraýşyň derwaýys meseleleri boýunça duşuşyklary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri geçirmek ýaly giň ugurlar boýunça amala aşyrylýar.
Abraýly guramalar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar türkmen lukmanlaryna dürli keselleri anyklamagyň we bejermegiň has netijeli usullaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň çäginde birnäçe howply ýokanç keselleriň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň tutuş toplumynyň kabul edilendigini bellemek gerek. Olar döwrüň talaplaryna we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli täzelenilýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa”; “Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama”; 2021 — 2025-nji ýyllar üçin “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly milli strategiýa bar. 2022-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” hem-de “Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa”, şeýle hem olary durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamalary tassyklanyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ilatyň saglygyny goramak meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge hem-de çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan, howandarlyga mätäç ýaş türkmenistanlylaryň saglygyny bejermek, lukmançylyk maksatly zerur serişdeleri satyn almak babatdaky çykdajylary tölemäge şu gaznadan serişdeler yzygiderli bölünip berilýär.
“Döwlet adam üçindir!” hem-de “Il saglygy — ýurt baýlygy” şygarlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Ol köp babatda ugurdaş düzümi döwrebaplaşdyrmagyň we giňeltmegiň hasabyna başartdy. Şol düzümiň üsti Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezler, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman öndürýän kärhanalar, saglyk öýleri bilen yzygiderli ýetirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda geçen 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk desgalaryň — Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýat köpugurly hem-de onkologiýa hassahanalarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Kämil hem-de ýokary netijeli milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek babatyndaky giň möçberli toplumlaýyn işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» şygary astynda durmuş maksatly syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Milletiň saglygy diňe bir ýurdumyzyň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr.
Jemile HUDAÝBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.