
Il arasynda «Dil bilen dünýäni gezer» diýen, aýtgy bardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu sözüň ähmiýeti, gymmaty has-da rowaçlanýar. Bu günki gün ýurdumyzyň orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara dürli bilimleri bermek bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini hem öwretmäge uly üns berilýär. Bu ugurda bilim ulgamynda döwrebap baý tejribeler toplanyldy.
Ýurdumyzda sözüň doly manysynda dünýä dillerini çuňňur özleşdirmek üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňişleýin şertler döredilip, türkmen ýaşlary dünýä dillerini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Häzirki wagtda özbaşdak dil öwrenmek üçin döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Dilçi alymlar daşary ýurt dilini öwrenmegiň başlangyç döwründe gepleşigi beýan edýän kitaplardan peýdalanmagy maslahat berýärler. Olaryň pikirine görä, şeýle kitaplarda berilýän sözler we sözlem nusgalary sözlem düzmegiň umumy ýörelgelerini ýatda saklamak mümkinçiligini gowulandyrýar. Çünki gepleşik kitaplarda köp halatlarda sözlem nusgalary birinji ýöňkemede berilýär, bu bolsa dil öwrenijileriň gündelik durmuşynda degişli sözlemleri ulanyp bilmeklerine we olaryň gowy ýatda saklamagyna oňaýly täsir edýär.
Dil öwrenmekde her gün täze sözleri öwrenmegi maksat edinmeli. Daşary ýurt dilini öwrenip başlan ilkinji günüňden şol dilde gürlemäge, daş- töweregiňizdäki ähli görýän zatlaryňyzy beýan etmäge çalyşmaly. Dil öwrenmekde ýene-de bir esasy endige eýermeli. Ýagny özleşdirýän diliňde eşidenleriňi içiňden gaýtalamaly. Ýurdumyzda iňlis dilini öwretmegiň döwrebap usullaryny okuw işine ornaşdyrmakda önjeýli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek zerur.
Mähriban ASTANAKULOWA,
Döwletmammet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň türk dili hünäriniň talyby.