
“Weterinar” sözi latyn dilinden göni manyda terjime edilende “Haýwanlary bejermek” ýa-da “Haýwanlary kesellerden halas etmek” manysyny berýär. 2000-nji ýylda bolsa Weterinar lukmanlarynyň güni Bütindünýä Weterinar Asossiýasiýasy tarapyndan döredildi.
Weterinariýa endikleri has ir ýüze çykypdyr. Bu endikleriň ýüze çykan wagty ilkinji gezek adamlar öý şertlerinde haýwanlary eldekleşdirip başlan wagtyna gabat gelýär. Weterinariýa taryhynyň doglan ýeri Fransiýa hasaplanýar. Ilkinji gezek XVIII asyrda Lionda haýwanlary bejerýän mekdep açyldy, Lýudow XV tarapyndan köp sanly mallary ýok edýän epidemiýalary duruzýan sanjymlar döredildi.
Weterinariýa ýa-da ýönekeý weterinariýa haýwan keselleriniň, şikesleriniň we näsazlyklaryň öňüni almak, diognoz goýmak we bejermek bilen meşgullanýan ylym pudagydyr. Bu ugryň öňünde goýýan esasy maksady haýwanlaryň saglygyny, hal ýagdaýyny şeýle hem adamlaryň saglygyny gowulaşdyrmakdan ybaratdyr.
Weterinariýa bilen meşgullanýan adamlar diňe bir dürli haýwanlarda bejergi geçirmek bilen çäklenmän, eýsem haýwanlaryň ýaýradýan dürli ýokançlaryndan adamlary goramaga gönükdirlen dürli çäreleri işläp düzýärler we durmuşa geçirýärler. Başga-da weterinariýa lukmançylygy bilen baglanyşykly adamlar tebigaty yzygiderli goraýarlar we sanitariýa, weterinariýa standartlarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýärler. Elbetde dürli haýwanlary we guşlary bejerýän weterinarlar olardan minnetdarlyk sözüne garaşmaýar, şeýle-de bolsa käbir haýwanlar öz halasgärleri üçin adamlara garanyňda kiçi bolmadyk minnetdarlygyny duýdurýar.
Häzirki döwürde öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan arassa tohumly ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem bedewlerimizi bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda weterinar lukmanlar weterinariýalarda, weterinariýa stansiýalarynda, haýwanat baglarynda, oba hojalyk kärhanalarynda, umuman haýwanlara lukmançylyk kömeginiň gerek ýerlerinde işleýärler.
Aýdyn KURÝAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.