Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Halkara Olimpiýa Komitetiniň täze agzalary saýlandy

20-10-2023 / 21

Ysraýylyň Milli Olimpiýa Komitetiniň (MOK) başlygy Ýael Arad hem-de malaýziýaly aktrisa Mişel Ýeo Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) täze agzalygyna saýlandylar. Bu barada «gazeta.ru» habar berýär.

Guramanyň täze agzalarynyň saýlawlary HOK-nyň Mumbaýdaky 141-nji sessiýasynda geçirildi. Halkara Olimpiýa Komitetiniň agzalary Halkara stol tennisi federasiýasynyň (ITTF) başlygy Petra Sýorling (Şwesiýa), Halkara konkide typýançylaryň birleşiginiň (ISU) prezidenti Kim Çže Ýel (Günorta Koreýa), Tunisiň MOK-nyň başlygy Mehrez Bussaen, Balaž Fýures (Wengriýa), öňki woleýbolçy Sesiliýa Taýt (Peru) hem-de telekeçi Mihael Mrons (Germaniýa) boldy.

Belläp geçsek, 61 ýaşyndaky aktrisa Mişel Ýeo «Hemme zat hemme ýerde we birbada» filminde iň gowy zenan keşbi üçin 2023-nji ýylyň «Oskar» baýragyna hem mynasyp bolupdy.

Öňki dzýudoçy Ýael Arad Ysraýylyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň hem-de 1992-nji ýylda Barselonada geçirilen oýunlarda kümüş medala eýe bolmagy başardy.

Ogulnur PAÝZULLAÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com