Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

«Bir guşak, bir ýol» — dünýä ykdysadyýetiniň strategiýasy

20-10-2023 / 22

2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Pekinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň geçirilmegi XXI asyr dünýä taryhynda möhüm wakalaryň hataryndan orun alar. Bu halkara foruma türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa biziň ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerinde jogapkärli, işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç sebitleýin goşulyşmagy çuňlaşdyrmak, söwdany ösdürmek we ykdysady ösüşi gowulandyrmak üçin gury ýer hem-de deňiz ýollary arkaly Aziýa yklymyny Afrika we Ýewropa bilen birleşdirmegi göz öňünde tutýan maksatnamadyr. Bu taslama iki ugry — Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagyny we XXI asyryň deňiz Ýüpek ýoluny öz içine alyp, onda infrastruktura desgalaryny ösdürmek üçin maýa goýumlary çekmek ileri tutulýar. Umumylaşdyryp aýdanymyzda bolsa, Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» ählumumy başlangyjy öz filosofiýasy we geoykdysady manysy boýunça Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasy bilen berk baglydyr.

Internet habar beriş serişdelerinde «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň esasy bäş ugry aýdyňlaşdyryldy:

— Meýilnamalaýyn çäreleriň koordinasiýasy.
— Infrastruktura baglanyşygy.
— Päsgelçiliksiz söwda.
— Maliýe integrasiýasy.
— Ynsanlary birleşdirmek.

Bu başlangyç dünýä ýurtlary, aýratynam, ösüp gelýän ýaş döwletler üçin uly mümkinçilikleri hödürleýär. Bu milliardlarça dollarlyk taslama üstünlikli amala aşyrylsa, gadymy Ýüpek ýolunyň hakyky döwrebap keşbi emele geler.

Häzirki wagtda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisine «täze asyryň energetika Ýüpek ýoly» diýse bolar. Şeýle hem Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly boýunça konteýnerli ýükleriň daşalyşy ýola goýuldy. Hytaýdan Pars aýlagyna çenli ýük daşalşynyň möhleti 28 günden 14 güne çenli — ýol 600 kilometrden gowrak azaldy, bu bolsa serhetüsti ýurtlaryň arasynda söwda üçin ep-esli amatlyklary döretdi. Beýleki iri halkara taslama — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem hut şu nukdaýnazardan amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyz hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag-logistika düzüminiň köpşahaly ulgamyny döredýär. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirer. Munuň özi Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňzinde täze port infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda örän derwaýysdyr. Hususan-da, gürrüň Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginiň üsti bilen Hazaryň türkmen kenaryna, şeýle-de Eýrana, Ýakyn we Orta Gündogara uzaýan ulag geçelgeleri barada barýar. Bu geçelge Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, Günorta Aziýa ýurtlaryna barýan ugurlarda hem ulanylyp bilner.

Şu gezekki ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde ulag-kommunikasiýalaryň ösdürilmegine, ekologiýa taslamalarynyň we sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýokary derejeli 3 forum geçirildi. Mundan başga-da, daşary söwda gatnaşyklaryny, medeni-ynsanperwer, seljermeler merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, sebitara hyzmatdaşlygy we deňiz taslamalaryny ilerletmek meselelerini öz içine alýan 6 maslahat, işewür toparlaryň wekilleriniň uly ýygnagy geçirildi. Şunuň bilen birlikde, anyk maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli täze ylalaşyklara gol çekildi.

«Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň özenini özara düşünişmek, ynanyşmak, dostluk ýörelgeleriniň düzendigine, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýan edilen garaýyşlaryň häzirki zaman dünýäsindäki syýasy ähmiýetine hut şu günlerde Hytaýyň hem-de dünýäniň meşhur habar beriş serişdelerini yzarlanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Munuň özi halkara gatnaşyklarynda biziň ýurdumyzyň jogapkärli, işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Gyzylgül GURBANMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com