
Şaly ýylylygy we suwy köp talap edýän ösümlik. Şonuň üçin oňa «Aýagy suwda, başy otda» diýýärler.
***
Gippokrat türgenleri ýaryşdan öň we soň şalydan taýýarlanan önümleri iýmäge borçly edipdir.
***
Grek alymy Strabon Hazar deňziniň gündogarynda ýaşaýan massagetleriň we saklaryň «merjen dänelerini» – şalyny ösdürip ýetişdirýändigi barada ýazypdyr.
***
Şaly bilen baglanyşykly halk arasynda «Segsen günde sapakda, togsan günde tabakda» diýen nakyl döräpdir.
***
Gadymy Gresiýada şalyny dermanlyk ösümlik hasaplapdyrlar. Dürli dertlerden ejir çekýänlere ony ulanmagy maslahat beripdirler.
Madina RABANEKULIÝEWA,
TOHI-niň Agrohimiýa we agrotopragy öwreniş hünäriniň 1-nji ýyl talyby.