Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Ronaldo: 125

19-10-2023 / 48

Meşhur futbol ýyldyzy Kristiano Ronaldo EURO-2024 çempionatynyň saýlama ýaryşynyň çäklerinde Slowakiýa bilen bolan duşuşykda dubl etmegi başardy. Bu barada «gazeta.ru» saýty, habar berýär.

38 ýaşyndaky hüjümçi milli ýygyndy toparlaryň düzüminde iň köp topy geçiren oýunçylaryň sanawynda eýranly Ali Daýeiden 17, argentinaly Lionel Messiden 21 top öňde barýar. Şeýlelikde, ol taryhda ilkinji bolup milli ýygyndyda 125 pökgi geçirmegi başaran ilkinji futbolçy bolmagy başardy.

Ronaldo 29-njy minutda penalti urgusyny dürs ýerine ýetirip, 72-nji minutda bolsa topy derwezä girizmegi başarýar. Portugaliýalylar 3:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, Germaniýada geçiriljek EURO-2024-e gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji toparlaryň biri bolmagy başardylar.

Ronaldonyň penalti urgularyny hasaba almazdan, karýerasyndaky 700-nji topy derwezä girizip, jemi 857 sany goly hasaba alynýar.

Şamyrat AGAMYRADOW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com