Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Hytaý ylmy: taryhdan – geljege

19-10-2023 / 48

Hytaý dili hytaýtibet dilleriniň maşgalasyna degişlidir. Hytaý siwilizasiýasy öz gözbaşyny baryp b.e.ç. II müňýyllykdan alyp gaýdýar. Bu siwilizasiýa Huanhe derýasynyň kenar ýakalarynda döräp, ondan soňra Ýanszy derýasynyň kenar ýakalaryna ýaýraýar.

Ilkinji Hytaý döwleti Inler döwründe ýüze çykypdyr (b.e.ç. XVIII – XII a.). Bu döwürden biziň günlerimize çenli gelip ýeten  ilkinji hytaý ýazgy ýadygärikleri degişli edilýär. Hususy halda b.e.ç. XIV asyra degişli Henaniden tapylan ýadygärliklerde sifrleriň belgilenişi duş gelýär. Tapylan gaplaryň böleklerinde bolsa geometriki nagyşlar duş gelýär. Meselem, dogry 5,6,7,8,9-burçluklar şekillendirilipdir. Ol gaplar b.e.ç. XIII-XII asyrlara degişli edilýär. Şu döwre beýik Hytaý diwarlarynyň gurluşygynyň başlanmagyny degişli edýärler. Bu diwarlar In şalygyny daşky basyp alyjylardan gorap saklamaklyga niýetlenilipdir. Şu döwürde ýollaryň we kanallaryň gurluşygy hem başlanypdyr. Ýöne, b.e.ç. XII asyrda Çžo taýpalary gurlup gutarylmadyk diwarlardan geçip In şalygyny ýykýarlar we täze şalygy esaslandyrýarlar. Hytaýyň taryhynda şeýle basyp alyjylyklar birnäçe gezek gaýtalanýar, özem ol basyp alynan halklaryň medeniýetiniň gowy taraplary özleşdirilýär, kämilleşdirilýär. Bu döwür taryhda “100 gülüň güllän, 100 sany alymyň mekdepleriniň bäsleşen” döwri ady bilen bellidir. Bu döwürde görnükli filosof Konfusiý (Kunszy, b.e.ç. 551-479 ý.) döredijiligi degişli edilýär. Bu filosof  “özüňi gowy alyp barmak” taglymatyny işläp düzýär, şeýle hem Hytaýda Matematikanyň we astronomiýanyň emele gelmegine ýardam berýär. Şol döwrüň astronomlary umumy kabul edilen gün kalendarynyň üstünde işleýärler, matematika boýunça biziň günlerimize çenli gelip ýeten ilkinji “Matematika dokuz kitapda” atly kitabyň esasynda ýazylan kitaplar ýüze çykýar.

Biziň günlerimize çenli saklanyp galan gadymy hytaý matematiki ýazgylary b.e.ç. I asyra degişli edilýär. Bu hadysa b.e.ç. 213 ýylda Şi-Huandi imperatory tarapyndan öňki däp-dessurlary ýok etmek üçin ähli kitaplary ýakmagy buýranlygy bilen düşündirilýär. Ýöne tiz arada ilkinji Han dinastiýasynyň emele gelmegi bilen (b.e.ç. II-I a) gadymy kitapllar täzeden dikeldilip başlanýar. B.e.ç. II asyrda kagyzyň oýlanyp tapylyşy bolýar. Şeýle hem bu asyra biziň günlerimize gelip ýeten uly matematiki-astronomiki iş “ölçeg şertleri barada traktat” we “Matematika dokuz kitapda” degişli edilýär.

Han şalygynyň ikinji dinastiýasy döwründe (II a) Hytaýyň Rim we Hindistan bilen söwda aragatnaşygy ýola goýlupdyr. Suý dinastiýasy (VI-VII a)  döwründe Günorta Hytaýyň Demirgazyk Hytaý bilen birikdirýän beýik kanalyň gurluşygy başlanan. Tan dinastiýasynyň döwründe (VII-X a) birnäçe goňşy döwletler hem boýun egdiren. Netijede, Hytaý Ýuwaş okeandan tä Tibete we Beýik diwardan Wýetnama çenli aralygy eýeleýän uly döwlete öwrülýär. Şu döwürde Hytaý iýeroglifiki ýazgysy köp halklarda giňden ýaýrapdyr. Ýöne dürli halklar şol bir iýeroglifi dürlüçe aňladanlar. Meselem, “Gündogar paýtagt” iýeroglifini ýaponlar “Tokiýo”, hytaýlylar – “Dunszin” ýaly aňlapdyrlar.

Tan dinastiýasy döwründe Hytaý bilen Hindistanyň, Indoneziýanyň, Orta aziýanyň arasyndaky gatnaşyklar giňeldilipdir. Şu döwürde VII asyrda Hytaýda asly Hindistanda dörän Buddizm dini, şonuň bilen birlikde hindi ylymy giň gerim alypdyr. Grawirlenen agaçlarda kitaplary çap etmeklik döredilýär we bu usul iki asyrdan soňra hereketli ştiftler bilen çalşyrylýar.

X-XIII asyrlarda Merkezi we Günorta Hytaýda höküm süren Sunlar dinastiýasy döwründe hytaý sungaty we sentçiligi ýokary derejede ösdürilýär. Bu döwürde kompos we ok därisi oýlanyp tapylypdyr. XIII asyrda Hytaý mongollar tarapyndan basylyp alynýar we täze Ýuan dinastiýasy esaslandyrylýar. Paýtagty Hanbalyk (Pekin) bolýar. Mongollaryň başga ýörişlerinde hytaý ok därisi, ussalary, diwar ýykyjy, maşynlary we ýaraglary ulanylypdyr. Mongollaryň ýörişlerine hytaýly alymlar hem gatnaşypdyrlar. Netijede, hytaý ylmy başga ýurtlara hem belli bir derejede ýaýrapdyrlar we tersine yslam ýurtlaryň alymlary Hytaýa aralaşypdyr.

Orazmät REJEPOW,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com