Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Beýik geljek nusgalyk döwlet taglymaty bilen gurulýar

17-10-2023 / 5085

Taryhdan mälim bolşy ýaly, türkmenler milli aýratynlyklaryna görä, islendik tutumly iş bilen bagly birek-birege geňeş salypdyrlar, maslahatlaşypdyrlar. Ýakynda paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi bu durmuşy ýörelgäniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka bolup, onuň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizilýär. Nobatdaky umumymilli forum hem Diýarymyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän jemgyýetçilik wekillerini bir ýere jemläp, milli demokratik däplerimize, adalatlylyk, döwletlilik ýörelgelerine esaslanyp, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmegiň özboluşly meýdançasy bolup hyzmat etdi.

Mejlisde Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, anyk wezipeleri kesgitlemek babatda düýpli pikirlerini öňe sürdi. Milli Liderimiziň: «Halk bilen häkimiýetiň mizemez jebisligi biziň ähli işlerimizi rowaçlandyrýan güýçdür. Biziň bu ugurda gazanan üstünliklerimiz kanunlaryň berjaý edilmegine esaslanýar. Esasy Kanunymyzda halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde ykrar edilýär» diýen sözleri bolsa ýurdumyzyň her bir raýatyny Watanymyzyň bähbidine tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Mälim bolşy ýaly, forumda çykyş eden ildeşlerimiziň ählisi biragyzdan döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp gitmekde, ata-babalarymyzyň asylly däplerini mynasyp dowam etdirmekde giň gerimli işleri alyp barýandygyny belläp, Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy baradaky teklip bilen çykyş etdiler. Şunlukda, watandaşlarymyzyň arzuw-isleglerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan degişli karar kabul edildi we hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyza berlen belent döwlet sylagyna tutuş halkymyza, ildeşlerimiziň joşgunly göwünlerine ganat berdi.

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ädim boldy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa watandaşlarymyzy belent maksatlaryň daşynda birleşdirip, öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş eder.

Batyr HEMRAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Harby gullugynyň kapitany.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com