Eserleri nesillere ýadygär
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
16-10-2023 / 35
Garaşsyz ýurdumyzda türkmen topragynyň we halkymyzyň abraýyny dünýä derejesinde belentliklere göteren ençeme beýik şahsyýetlerimiz bar. Şolaryň biri hem ynsanperwerligi, agzybirligi, jebisligi ündäp, bir bitewi döwletliligi arzuwlan akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr.
Türkmeniň akyldary, milli edebiýatymyzyň parlak ýyldyzy, Gündogaryň ussat şahyry Magtymguly Pyragynyň mertebesi bu günki günde has-da şöhratlanýar. Ylmy-pelsepewi pikirlere, çeperçilige we kämil döredijilik ýörelgelerine ýugrulan türkmen akyldarynyň edebi mirasynyň gadyr-gymmatynyň barha artýandygy bolsa, şahyryň nesiller üçin durmuş mekdebine öwrülen eserleriniň müdimilikdigini alamatlandyrýar.
Garaşsyz ýurdumyzda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary guramaçylyk derejesinde bellemek, halkara derejesinde dabaralandyrmak ugrundaky syýasy başlangyçlar bolsa biziň her birimizi buýsandyrýar. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde guramaçylykly medeni çäreler, jemgyýetçilik işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Şahyryň ömrüni we döredijiligini wagyz edýän, eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetini şöhlelendirýän çäreleriň ählisiniň ýaş nesliň bilimi we terbiýesi babatda hem oňyn ähmiýeti bardyr. Çünki Pyragynyň edebi mirasy ýaş nesilleri ýokary ahlaklylyk, sagdynlyk, millilik, watansöýüjilik däplerine laýyk terbiýelemekde gymmatly çeşme bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýörite diwarlyklar döredildi we meýilnamalaýyn işlere girişildi. Şahyryň eserlerini okuw-terbiýeçilik işinde peýdalanmaga, bilim işgärleriniň bu möhüm ähmiýetli taryhy wakalara işjeň gatnaşmaklaryny gazanmaga we bu ugurdaky usuly gollanmalaryň goruny artdyrmaga, maglumat binýadynyň üstüni ýetirmäge, çäreleri işjeň we netijeli guramaga gönükdirilen meýilnamalaýyn işler bilim işgärleriniň hem şanly senäni mynasyp garşylamaga gatnaşýandyklaryny görkezýär.
Biz hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şu ajaýyp zamanamyzy arzuwlan, türkmen halkyny bir supra çagyran, “Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza” diýip, milletimize döwletli döwranyň gelmegini köňülden islän Magtymguly atamyzyň sarpasyny artdyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Ýalkym ÝAGŞYMYRADOWA,
Türkmengala etrabyndaky 2-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.