Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanda halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy

15-10-2023 / 59

14-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy. Dabara Aman Gulmämmedow adyndaky Arkadag şäher Döwlet drama teatrynda geçirildi.

Kinofestiwala gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýeden Burak Özçiwit, Mehmet Bozdag, fransiýaly Eduard Montut, şeýle hem Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan meşhur aktýorlar açylyş dabarasynyň hormatly myhmanlary boldular.

Olaryň köpüsiniň Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini bellemelidiris.

Myhmanlar Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine baryp gördüler. Günüň birinji ýarymynda olar Türkmen döwlet medeniýet institutyna bardylar we talyplar bilen gürrüňdeşlik geçirdiler. Açylyş dabarasyndan öň, myhmanlar Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna-da baryp gördüler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com