Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Amyderýa — däli derýa

15-10-2023 / 23

Ýurdumyzyň geografiki ýerleşişi örän özboluşlydyr. Onuň çöli-de, dagy-da, düzi-de, derýasydyr köli-de täsindir. Mysal üçin, Amyderýany alyp görsek, ol Garagum we Gyzylgum çölleriniň arasyndan akyp geçýän Orta Aziýada iň uly derýadyr, ýaşy boýunça-da juda gadymydyr. Ol has irki döwürlerden bäri sag we çep kenar ýakasynda mesgen tutan sebitiň ilatyna bol mele suwuny eçilip gelýär.

Uzak asyrlaryň dowamynda Amyderýanyň birnäçe adynyň bolandygyny taryhy maglumatlardan bilýäris. Amyderýa bir wagtlar Oguz han atamyzyň ady bilen baglanyşdyrylyp, Ögüz, Ügüz, Oguz (Oks) derýasy diýlen bolsa, belli bir döwürde oňa Çaýhun derýasy diýlendigini-de çaklamak mümkin. Çaýhun ady “Hunlaryň derýasy” manysyny beripdir we uzak ýyllaryň dowamynda bu at Jeýhun görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ol “däli derýa” diýen manyny berýär. Amyderýa adyny-da onuň kenarynda ýerleşen Amul şäheriniň adyndan geçipdir we häzirki wagtda onuň ady bilen baglanyşdyrylyp aýdylýar.

Amyderýa, esasan, belent dag gerşindäki buzlardan we garlardan suwlanýar. Derýa ýazyna we tomsuna joşýar, akymyna häli-şindi kenarlaryny we hanasyny üýtgedýär. Derýanyň suwunyň köpelmegi, ekarançylyk meýdanlary we daýhanlar üçin diýseň amatly şertleri döredýär. Amyderýany ilkinji gezek gören adamlar onuň bulançak, läbik suwunyň mele reňkine örän geň galýarlar. Lebap topragynda bitýän datly tagamlaryň, bereketli bol hasylyň iň esasy syrlarynyň biri hem derýanyň laý suwuna baglydyr.

Ýurdumyzda köpri we ýol gurmak işleri ýokary gerimde dowam edýär. Ýurdumyzyň şäherlerinde döwrebap ýerasty we ýerüsti geçelgeleri, kaşaň köprüleri göreniňde göwnüň galkynýar. Ylmyň, tehnikanyň häzirki akylyňy haýran edýän döwründe hem ýol we köpri gurmak ýeňil iş däl, onda-da Amyderýanyň üstünden äpet köprini gurmak, haýsy tarapdan alanyňda-da, ummasyz köp zähmeti we  döwletiň ykdysady kuwwatyny talap edýär.

Amyderýanyň üstünden gurulýan täze köprüler türkmen halkynyň milli bähbitlerinden, isleg-arzuwlaryndan gözbaş alýar.

Gurbangeldi HYDYRNYÝAZOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com