Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Suw-ekologiýa wezipelerini çözmekde ylmy çemeleşmeler

13-10-2023 / 22

Täze taryhy döwürde daşky gurşawy goramak, tebigaty netijeli ulanmak, bioköpdürlüligi goramak we artdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. “Ýaşyl ösüşiň strategiýasy” hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň gurallarynyň biri hökmünde bellenildi. Ol öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere esaslanýar.

BMG-niň tebigaty goramak baradaky esasy ylalaşyklaryny, şol sanda Biologik köpdürlülik hakynda, Ozon gatlagyny goramak hakynda, Serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we peýdalanmak baradaky Konwensiýalary, Suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar Konwensiýasyny, Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýany, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyny we beýlekileri tassyklamak bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýär.

Suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamak we dikeltmek, çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Biziň ýurdumyz häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine ählumumy ekologiýa meselelerini netijeli çözmegiň başyny başlaýjy bolup durýar. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy hem-de Milli we sebit derejelerindäki beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasy ýerine ýetirilýär.

Gahryman Arkadagymyz dünýä forumlarynda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” atly ählumumy maslahatynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüşiň meseleleri boýunça duşuşykda, BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýaponiýada geçirilen III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň tebigaty goramak babatda toplan tejribesi dünýäniň aýratyn gyzyklanmasyna eýe boldy. Munuň şeýledigini bolsa ýurdumyzyň iri ekologiýa forumlarynyň, maslahatlarynyň we seminarlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy hem tassyklaýar.

Akyl DURDYÝEWA,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com