Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Sport we bedenterbiýe — ýaşlaryň endigi

13-10-2023 / 9

Biziň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler hem nesilleriň saglygy üçin edilýän aladadyr. Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilýän sport çäreleri uly ruhubelentlige beslenýär. Şeýle bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri «Türkmenistan — bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy!» atly şygar bilen Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebinde hem geçirildi.

Sport – sagdynlyk, ruhubelentlik. Sagdynlyk, ruhubelentlik bolsa, ynsan ýaşaýşynyň esasyny düzýän gymmatlykdyr.

Ýokary netijeli sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň türgenlerimiz halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşýar, olaryň gazanan medallary we ýeňişleri eziz Diýarymyzyň abraýyny hem-de türkmenistanlylaryň ata Watanymyza buýsanjyny artdyrýar, milli sport mekdebini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Eziz Diýarymyzda sport bilen muşgullanjak her bir adam üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Diňe paýtagtymyzda däl, eýsem welaýat merkezlerimizdir etraplarymyzda-da dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlary, mekdepleri gurlup, türgenleriň hyzmatyna berildi. Döwrebap sport-sagaldyş düzümlerini giňeltmek, olaryň dünýä ölçeglerine kybap gelmegi üçin düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýurdumyzda gurulýan bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisiniň taslamalary hökmany ýagdaýda örän gowy abzallaşdyrylan sport zallaryny, basketbol hem-de woleýbol meýdançalaryny, suwda ýüzülýän howuzlary, tennis kortlaryny we beýlekileri özünde jemleýär. Şeýle maksatly desgalaryň ýene onlarçasy gurulýar. Bu bolsa biziň buýsançly başyny has-da Arşa göterýär.

Geçirilýän sport ýaryşlarynda sport bilen çynlakaý meşgullanýan ýaşlaryň az däldigini bilmek bolýar. Olar bedenterbiýäni we sporty öz endiklerine öwürýärler.

Maýagözel ATAÝEWA,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com