Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTrend we gözellik

Anjelina Joli moda markasyny hödürledi

13-10-2023 / 72

Meşhur ýyldyz Anjelina Joli moda pudagyna girişdi. Golliwudyň iň üstünlikli aktrisalaryndan Anjelina Joliniň karýerasy bilen hoşlaşyp, dizaýner boljakdygy hem öňe sürülýär.

«Atelier Jolie» markasy bilen moda pudagyna girmäge taýynlanýan aktrisa «Vogue» žurnalynyň baş ýyldyzy boldy. Rowaýata öwrülen bu surat Anni Leibowitz üçin surata düşürilip, «Atelier Joli» tarapyndan taýýarlanan we pürküji boýag bilen boýalan köýnegi žurnalyň daşky sahypasyna aýratyn gözellik çaýdy.

Eneligiň durmuşyna edýän täsirini hem düşündiren aktrisa: «Çagalarym bolmadyk bolan bolsa, durmuşym has garaňky ýola düşüp bilerdi. Olar menden has gowy ýagdaýda, sebäbi öz ýagdaýyňdan çagalaryňyzyň ýagdaýynyň gowulaşmagyny isleýärsiňiz» diýip belledi.

Maral AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com