Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Sanly bilim ulgamy ösüş ýolunda

11-10-2023 / 24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şol sebäpli ähli bilim berýän edaralarda, orta okuw mekdeplerde ýaş nesle berilýän ylmyň mazmuny we hili yzygiderli ýokarlanýar.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Bilim edaralarynda berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek, bu ulgamy ösdürmek üçin gerek bolan enjamlar bilen üpjün etmek, täzeçe bilim bermegiň usullaryny işläp düzmek – Konsepsiýanyň  öňünde durýan esasy wezipesidir.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda, bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykarylýar.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde ylmy  dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Bu ugurda ylmy dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşyjylaryň ählisine, ilkinji nobatda, okaýanlara we olaryň ata-enelerine elektron bilim hyzmatlarynyň berilmegi maksat edinilýär.

Döwrüň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda  baý tejribe toplandy. Türkmenistanda ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlanan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçililer döredilýär.

Asuda ýurdumyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda alnyp barylýan işleriň  rowaçlyklara beslenmegine badalga berýär.Türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli kämil dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, döwletli işleri rowaç bolsun!

Aýna ÇOPANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com